"Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki sany gabryň ýanyndan geçip barýarka şeýle diýdi: “Bu ikisine azap berilýär, ýöne (azaplary) uly günäler üçin däl. Olaryň biri peşewinden saklanmazdy, beýlekisi bolsa şugulçylyk edip gezerdi”.
Soňra bir ýapraksyz, öl hurma şahasyny alyp, ony ikä böldi we her gabryň başynda onuň birini dikdi. Sahabalar ondan “Eý, Allahyň Resuly, muny näme üçin beýle etdiň?” diýip soradylar. Ol “Belki, bu şahalar guraýança, olaryň azaplary ýeňilleşdiriler” diýip jogap berdi.
"