216

57-nji bap

216

57-nji bap

216

57-nji bap

"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň (ýa-da Mekgäniň) bag-bakjalaryndan bolan bir baglyk ýerden geçip barýarka, gabyrlarynda azap berlip duran iki sany adamyň sesini eşitdi. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Bu ikisine azap berilýär, ýöne uly günäler üçin däl” diýdi. Soňra “Ýok, beýle-de däl, (aslynda, olaryň günäleri uludy). Olaryň biri peşewinden saklanmazdy, beýlekisi bolsa şugulçylyk edip gezerdi” diýdi. Soňra ýapraklary çykmadyk bir hurma şahasyny getirmegi buýurdy. Şahany iki bölege bölüp, her gabryň başyna birini dikdi. Sahabalar “Eý, Allahyň Resuly, muny näme üçin beýle etdiň?” diýip soradylar. Ol “Belkide, bu şahalar guramadygyça (ýa-da guraýança) olaryň azaplary (bir mütdet) ýeňilleşdiriler” diýip jogap berdi. "

حَدَّثَنَا عُثْمَانُ، قَالَ: حَدَّثَنَا جَرِيرٌ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ مُجَاهِدٍ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ، قَالَ: مَرَّ النَّبِيُّ ﷺ بِحَائِطٍ مِنْ حِيطَانِ المَدِينَةِ، أَوْ مَكَّةَ، فَسَمِعَ صَوْتَ إِنْسَانَيْنِ يُعَذَّبَانِ فِي قُبُورِهِمَا، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «يُعَذَّبَانِ، وَمَا يُعَذَّبَانِ فِي كَبِيرٍ» ثُمَّ قَالَ: «بَلَى، كَانَ أَحَدُهُمَا لاَ يَسْتَتِرُ مِنْ بَوْلِهِ، وَكَانَ الآخَرُ يَمْشِي بِالنَّمِيمَةِ». ثُمَّ دَعَا بِجَرِيدَةٍ، فَكَسَرَهَا كِسْرَتَيْنِ، فَوَضَعَ عَلَى كُلِّ قَبْرٍ مِنْهُمَا كِسْرَةً، فَقِيلَ لَهُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، لِمَ فَعَلْتَ هَذَا؟ قَالَ: «لَعَلَّهُ أَنْ يُخَفَّفَ عَنْهُمَا مَا لَمْ تَيْبَسَا» أَوْ: إِلَى أَنْ يَيْبَسَا.

Salgylanma:

• Ýagny peşew edenden soň süpürmän üstüne peşewini degirerdi