209

53-nji bap

209

53-nji bap

209

53-nji bap

Suweýd ibn An-Nu’man (Allah ondan razy bolsun) Haýbar ýylynda Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen ýola çykandygyny habar berdi. Haçan-da, Haýbaryň golaýynda ýerleşýän Sahbä (diýlen ýere baryp) ýetenlerinde, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Ikindi namazyny okady. Soňra nahar getirmeklerini isledi, ýöne oňa diňe sewikden başga zat getirip bilmediler. “Ony ölläň” diýip emr etdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ondan iýdi we biz hem iýdik. Soňra Agşam namazyny okamak üçin ýerinden turup, agzyny çaýkady, biz hem agzymyzy çaýkadyk. Soňra täret alman, namaz okady.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ يَحْيَى بْنِ سَعِيدٍ، عَنْ بُشَيْرِ بْنِ يَسَارٍ، مَوْلَى بَنِي حَارِثَةَ أَنَّ سُوَيْدَ بْنَ النُّعْمَانِ أَخْبَرَهُ أَنَّهُ خَرَجَ مَعَ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ عَامَ خَيْبَرَ، حَتَّى إِذَا كَانُوا بِالصَّهْبَاءِ، وَهِيَ أَدْنَى خَيْبَرَ، فَصَلَّى العَصْرَ، ثُمَّ دَعَا بِالأَزْوَادِ، فَلَمْ يُؤْتَ إِلَّا بِالسَّوِيقِ، فَأَمَرَ بِهِ فَثُرِّيَ، فَأَكَلَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأَكَلْنَا، ثُمَّ قَامَ إِلَى المَغْرِبِ، فَمَضْمَضَ وَمَضْمَضْنَا، ثُمَّ صَلَّى وَلَمْ يَتَوَضَّأْ.