"Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Remezan aýynyň ortanjy on gününde ygtykafe oturardy. Haçanda ýigriminji gijäniň agşamy geçip, ýigrimi birinji güni garşylanda, ol öýüne gaýdyp barardy we onuň bilen bile ygtykafde galanlar hem gaýdardylar. (Bir gezek) ol ygtykafe galan aýlarynyň birinde, adatça öýlerine gaýtmaly güni, şol gije (gaýtman, ygtykafeden ýerinde) galdy we adamlara ýüzlenip, Allahyň islän zadyny olara emr edip, soňra olara şeýle diýdi:
“Men bu on güniň dowamynda ygtykafe oturdym. Indi men soňky on günde hem ygtykafe oturmaklygy ýüregime düwdim. Kim meniň bilen bile ygtykaf eden bolsa, onda ol ygtykaf eden ýerinde galsyn. Şu gije maňa (Gadyr gijesi) görkezildi, soňra ol meniň ýadymdan çykaryldy. Siz ol gijäni (Remezanyň) soňky on gijesiniň içinden, täk gijeleriniň içinden gözläň. Men (düýşümde) özümiň suwuň hem-de palçygyň içinde sejde edýändigimi gördüm” diýdi.
Şol gije gök gümmürdäp, güýçli ýagyş ýagdy. Ýigrimi birinji gün ýagyş mesjidiň üçeginden Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýan ýerine geçip başlady. Men bu zatlary öz gözüm bilen gördim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme seretdim, ertir namazyny okap bolandan soň onuň ýüzi suw bilen palçykdan doludy”."