"Ebu Sa‘yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Remezanyň ortanjy on gününde ygtykafe oturdyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Remezanyň ýigriminji güni, irden çykyp, bize hutba aýdyp şeýle diýdi:
“Maňa düýşümde Gadyr gijesi görkezildi. Soňra ol meniň ýadymdan çykaryldy. Siz ony (Gadyr gijesini Remezanyň) soňky on gününiň täk gijeleriniň içinden gözläň. Men (şol düýşümde) özümi palçygyň we suwuň içinde sejde edip duran ýaly bolup gördüm. Kim Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen ygtykaf eden bolsa, onda ol yzyna (şol ygtykaf eden ýerine) gaýdyp barsyn!” diýdi.
Soňra biz yzymyza (ygtykaf eden ýerimize) gaýtdyk. Şol wagt biz asmanda hiç hili bulut görmändik, birden bir bulut gelip şeýle bir ýagyş ýagdyryp başlady welin, hat-da hurma agajynyň ýapraklaryndan edilen mesjidiň üçeginden ýagyş geçip, içine akyp başlady. Namaza kamat aýdyldy. Şol wagt hem men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň suwyň we palçygyň içinde sejde edip durandygyny gördüm we men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň maňlaýynda palçygyň we suwuň yzlaryny gördüm”."