2013

1-nji bap

2013

1-nji bap

2013

1-nji bap

Ebu Selemete ibn Abdurrahmandan habar berilmegine görä, ol Aişadan (Allah ondan razy bolsun): “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Remezan aýynda nähili namaz okardy?” diýip sorady. Aişa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ne Remezan aýynda, ne-de başga wagtlarda, gije on bir rekagatdan artyk namaz okamazdy. Ilki dört rekagat namaz okardy, olaryň gözelligini we uzynlygyny hiç soramaň! Soň ýene dört rekagat namaz okardy, olaryň hem gözelligini we uzynlygyny hiç soramaň! Soň bolsa üç rekagat okardy” diýdi. Aişa: “Men ondan: “Ýa Resulallah! Witr namazyny okaman ýatýarsyňyzmy?” diýip soranymda, Ol maňa: “Aişa! Meniň gözlerim ýatsa-da, ýüregim ýatýan däldir” diýdi”.

حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ، قَالَ: حَدَّثَنِي مَالِكٌ، عَنْ سَعِيدٍ المَقْبُرِيِّ، عَنْ أَبِي سَلَمَةَ بْنِ عَبْدِ الرَّحْمَنِ، أَنَّهُ سَأَلَ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، كَيْفَ كَانَتْ صَلاَةُ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ فِي رَمَضَانَ؟ فَقَالَتْ: «مَا كَانَ يَزِيدُ فِي رَمَضَانَ وَلاَ فِي غَيْرِهِ عَلَى إِحْدَى عَشْرَةَ رَكْعَةً، يُصَلِّي أَرْبَعًا، فَلاَ تَسَلْ عَنْ حُسْنِهِنَّ وَطُولِهِنَّ، ثُمَّ يُصَلِّي أَرْبَعًا، فَلاَ تَسَلْ عَنْ حُسْنِهِنَّ وَطُولِهِنَّ، ثُمَّ يُصَلِّي ثَلاَثًا». فَقُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَتَنَامُ قَبْلَ أَنْ تُوتِرَ؟ قَالَ: «يَا عَائِشَةُ، إِنَّ عَيْنَيَّ تَنَامَانِ وَلاَ يَنَامُ قَلْبِي«.