2010

1-nji bap

2010

1-nji bap

2010

1-nji bap

"Abdurrahman ibn Abdulkariýden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün men Remezan aýynyň bir gijesinde Omar ibn Hattab bilen (Allah ondan razy bolsun) mesjide bardym. Şol wagt biz mesjidiň içinde adamlaryň aýry-aýry jemagat bolup namaz okap durandyklaryny gördük. Käbirleri namazy özbaşdak okap durdy, käbirleri bolsa namaz okaýardy we onuň yzynda bolsa, bir topar adamlar oňa uýup namaz okap durdylar. Muny gören Omar: “Meniň pikirimçe, bu adamlary bir sany okyjy ymamyň yzynda jemlesem has gowy bolardy” diýdi. Soňra ol bir netijä gelip, (tarawih namazyny okamak üçin) adamlary Ubeý ibn K‘abyň yzynda jemledi. Soňra başga bir gije men onuň bilen mesjide gitdim, adamlar öz okyjy ymamlarynyň yzynda durup namaz okap durdylar. Omar (muny görüp): “Bu nähili ajaýyp bir adat boldy. Ýöne welin, (namaz okaman) ýatyp soňra turup okanlar, häzirki namaz okap duranlardan has gowudyr” diýip, gijäniň ahyrky wagtyny göz öňüne tutdy. Adamlar bolsa (tarawih namazyny) gijäniň başynda okaýardylar."

وَعَنِ ابْنِ شِهَابٍ، عَنْ عُرْوَةَ بْنِ الزُّبَيْرِ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ عَبْدٍ القَارِيِّ، أَنَّهُ قَالَ: خَرَجْتُ مَعَ عُمَرَ بْنِ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، لَيْلَةً فِي رَمَضَانَ إِلَى المَسْجِدِ، فَإِذَا النَّاسُ أَوْزَاعٌ مُتَفَرِّقُونَ، يُصَلِّي الرَّجُلُ لِنَفْسِهِ، وَيُصَلِّي الرَّجُلُ فَيُصَلِّي بِصَلاَتِهِ الرَّهْطُ، فَقَالَ عُمَرُ: «إِنِّي أَرَى لَوْ جَمَعْتُ هَؤُلاَءِ عَلَى قَارِئٍ وَاحِدٍ، لَكَانَ أَمْثَلَ» ثُمَّ عَزَمَ، فَجَمَعَهُمْ عَلَى أُبَيِّ بْنِ كَعْبٍ، ثُمَّ خَرَجْتُ مَعَهُ لَيْلَةً أُخْرَى، وَالنَّاسُ يُصَلُّونَ بِصَلاَةِ قَارِئِهِمْ، قَالَ عُمَرُ: «نِعْمَ البِدْعَةُ هَذِهِ، وَالَّتِي يَنَامُونَ عَنْهَا أَفْضَلُ مِنَ الَّتِي يَقُومُونَ» يُرِيدُ آخِرَ اللَّيْلِ وَكَانَ النَّاسُ يَقُومُونَ أَوَّلَهُ.

Salgylanma:

•Şeýlelikde tarawih namazy jemagat bilen okalmaga başlandy.