2002

69-nji bap

2002

69-nji bap

2002

69-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Yslamdan öňki) jahiliýýe döwründe Kureýişliler Aşura güni agyz beklärdiler. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem şol gün agyz beklärdi. Medinä gelende-de Aşura güni agyz bekledi we (sahabalara-da) agyz beklemegi emr etdi. Remezan orazasy parz edilende bolsa, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Aşura güni agyz beklemegi terk etdi. Islän adam bekledi, islän beklemedi”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مَسْلَمَةَ، عَنْ مَالِكٍ، عَنْ هِشَامِ بْنِ عُرْوَةَ، عَنْ أَبِيهِ، أَنَّ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، قَالَتْ: «كَانَ يَوْمُ عَاشُورَاءَ تَصُومُهُ قُرَيْشٌ فِي الجَاهِلِيَّةِ، وَكَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَصُومُهُ، فَلَمَّا قَدِمَ المَدِينَةَ صَامَهُ، وَأَمَرَ بِصِيَامِهِ، فَلَمَّا فُرِضَ رَمَضَانُ تَرَكَ يَوْمَ عَاشُورَاءَ، فَمَنْ شَاءَ صَامَهُ، وَمَنْ شَاءَ تَرَكَهُ«.