"Biz bu gürrüňi Abdulla ibn Ýusufdan eşidipdik. Oňa-da Mälik, Hişäm ibn Urwa aýdyp beripdir. Ibn Urwa hem kakasyndan eşidipdir. Kakasy-da mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) eşiden eken: “Bir gün El-Haris ibn Hişäm (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden “Ýa Resulallah! Saňa wahy nädip gelýär?” diýip sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Wahy kämahal jaň sesi ýaly bolup gelýär. Bu meniň üçin iň agyrydyr. Aýdan zatlaryna gowy düşünenimden soňra, ol menden aýrylyp gidýär. Kämahallar bolsa bir perişde adam şekilinde görnüp, maňa aýdyp berýär, men hem onuň aýdan zatlaryna gowy düşünip belläp galýaryn” diýip jogap beripdir.
Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Men gaty sowuk günlerde-de Oňa wahy inişini görüpdim. Wahy gutarandan soň, Onuň maňlaýyndan der dökülerdi”. "