Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Iki oraza bilen iki hili söwda gadagan edilendir: Remezan we Gurban baýram günleri oraza tutmak hem-de eliňi degirmek we zyňmak arkaly edilýän söwda”.
•Bulara “Limäs we nibäz” diýilýär. Bular Yslamdan öňki jähilyýet döwründe edilýän söwdalaryň bir görnüşi bolup, bir zady ellemek ýa-da öňüne zyňmak bilen söwda amala aşýan eken. Yslamda bular gadagan edildi.