1976

56-nji bap

1976

56-nji bap

1976

56-nji bap

Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Meniň: “Allaha kasam bolsun, ýaşadygym mütdetçe gündizlerine agzymy bekläp, gijelerine ybadat bilen geçirerin” diýen sözümi Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar beripdirler. “Enem-atam saňa gurban bolsun, (ýa Resulallah!) hawa men diýipdim” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Seniň muňa güýjiň ýetmez. Agzyňy hem bekle, hem aç, gijelerine hem ýat, hem ybadat et. Her aýda üç gün oraza tut. Çünki, her bir ýagşylyga on sogap berilýändir. Şeýle etseň bütin ömrüňi oraza tutup geçiren ýaly bolarsyň!” diýdi. Men şonda: “Meniň mundan gowusyny etmäge-de güýjüm ýeter” diýdim. “Beýle bolsa, bir gün agzyňy bekle-de, iki gün agzyňy aç!” diýdi. Men: “Mundan hem artdyryp bilerin” diýdim. “Onda, bir gün bekle-de, bir gün açaý. Çünki, Dawut aleýhissalamyň orazasy hem şeýledi we bu iň afzal orazadyr” diýdi”. Men ýene-de: “Meniň mundan gowusyny etmäge-de güýjüm ýeter” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Mundan gowusy ýokdur!” diýdi.

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: أَخْبَرَنِي سَعِيدُ بْنُ المُسَيِّبِ، وَأَبُو سَلَمَةَ بْنُ عَبْدِ الرَّحْمَنِ، أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عَمْرٍو، قَالَ: أُخْبِرَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، أَنِّي أَقُولُ: وَاللَّهِ لَأَصُومَنَّ النَّهَارَ، وَلَأَقُومَنَّ اللَّيْلَ مَا عِشْتُ، فَقُلْتُ لَهُ: قَدْ قُلْتُهُ بِأَبِي أَنْتَ وَأُمِّي قَالَ: «فَإِنَّكَ لاَ تَسْتَطِيعُ ذَلِكَ، فَصُمْ وَأَفْطِرْ، وَقُمْ وَنَمْ، وَصُمْ مِنَ الشَّهْرِ ثَلاَثَةَ أَيَّامٍ، فَإِنَّ الحَسَنَةَ بِعَشْرِ أَمْثَالِهَا، وَذَلِكَ مِثْلُ صِيَامِ الدَّهْرِ»، قُلْتُ: إِنِّي أُطِيقُ أَفْضَلَ مِنْ ذَلِكَ، قَالَ: «فَصُمْ يَوْمًا وَأَفْطِرْ يَوْمَيْنِ»، قُلْتُ: إِنِّي أُطِيقُ أَفْضَلَ مِنْ ذَلِكَ، قَالَ: «فَصُمْ يَوْمًا وَأَفْطِرْ يَوْمًا، فَذَلِكَ صِيَامُ دَاوُدَ عَلَيْهِ السَّلاَمُ، وَهُوَ أَفْضَلُ الصِّيَامِ»، فَقُلْتُ: إِنِّي أُطِيقُ أَفْضَلَ مِنْ ذَلِكَ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ؟ «لاَ أَفْضَلَ مِنْ ذَلِكَ«.

Salgylanma:

•Ýagny her aý üç gün oraza tutmak, on esse köpeldilip, tutuş bir aýy oraza tutan ýaly bolar. Bu-da bütin bir ýyl agyz beklemek ýaly bolar.