"Ebu Juhaýfe Wähb ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Selman bilen Ebud-Derdani biri-birine dogan okaşdyrdy. Bir gün Selman, Ebud-Derdani zyýarat edende, onuň aýaly Ummud-Derdani aňry baş sada, köne eşiklerinde görüp oňa: “Seniň bu halyň näme?” diýip sorady. Ol: “Seniň doganyň Ebud-Derdanyň dünýä bilen işi ýoga” diýdi. Soňra Ebu-Derda öýe gelip, Selman üçin tagam taýýarlap, öňünde getirip goýdy. Selmän: “Senem iý-dä!” diýdi. Ebu-Derda: “Meniň agzym bekli” diýdi. Selman: “Sen iýmeseň menem iýmerin” diýende, Ebud-Derda iýmäge başlady. Gije garaňky düşende, Ebud-Derda turup (tehejjud namazyny) okamakçy boldy. Selman oňa: “Ýat” diýdi. Ebud-Derda ýatdy. Bir mütdet geçen soň ol ýene-de turjak boldy. Selman oňa ýene-de: “Ýat” diýdi. Gije ahyrlaberende, Selman Ebud-Derda: “Indi tur!” diýdi we ikisi bile namaz okadylar. Soňra Selman oňa şeýle diýdi:
“Seniň boýnuňda Robbuň haky, nebsiň haky we maşgalaň haky bardyr. Her bir hak eýesiniň hakyny bergin!” diýdi.
Soňra Ebud-Derda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, bu wakany habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Selman dogry aýdypdyr” diýdi”."