"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agyz açman yzly-yzyna birnäçe günläp agyz beklemegi gadagan etdi. Musulmanlaryň içinden bir kişi oňa: “Ýa Resulallah! Ýöne siz agzyňyzy açman bekleýärsiňiz-ä!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Siziň haýsy biriňiz meniň ýaly? Robbum meni gijelerine iýdirip-içirýär” diýdi.
Haçan-da (käbir adamlar) wysal edip, yzygiderli (gije-gündiz) agyz beklemekden ýüz öwürmediklerini görende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem olar bilen bir gün wysal edip agyz bekledi, soňra ýene bir gün agzyny açman agyz bekledi. Soňra (üçünji gün) täze dogan aýy gördüler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem wysal etmekden ýüz öwürmediklere sapak bolar ýaly (jezalandyrma höküminde): “Egerde, täze aý biraz giç dogan bolsady, men ýene-de size artdyryp görkezerdim” diýdi."