1948

38-nji bap

1948

38-nji bap

1948

38-nji bap

"Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (Mekgäni feth etmek üçin) Medineden Mekgä tarap ýola düşdi. Ol tä Usfana baryp ýetýänçä, agzyny bekledi. Soňra (şol ýerde içer ýaly özüne) suw getirtdi we adamlar görer ýaly ony ýokary galdyrdy. Soňra (orazasyny pozup) agzyny açdy we Mekgä barýança agyz beklemedi. Bu waka Remezan aýynda bolup geçipdi”. Ibn Abbas: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (saparda wagty) agyz beklän wagtam boldy, açan wagtam boldy. (Sahabalardan hem) islän adam agzyny bekledi, islän hem açdy” diýdi."

حَدَّثَنَا مُوسَى بْنُ إِسْمَاعِيلَ، حَدَّثَنَا أَبُو عَوَانَةَ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ مُجَاهِدٍ، عَنْ طَاوُسٍ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، قَالَ: خَرَجَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، مِنَ المَدِينَةِ إِلَى مَكَّةَ، فَصَامَ حَتَّى بَلَغَ عُسْفَانَ، ثُمَّ دَعَا بِمَاءٍ فَرَفَعَهُ إِلَى يَدَيْهِ لِيُرِيَهُ النَّاسَ، فَأَفْطَرَ حَتَّى قَدِمَ مَكَّةَ، وَذَلِكَ فِي رَمَضَانَ، فَكَانَ ابْنُ عَبَّاسٍ يَقُولُ: «قَدْ صَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَأَفْطَرَ، فَمَنْ شَاءَ صَامَ وَمَنْ شَاءَ أَفْطَرَ«.