Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellem saparda wagty, bir topar adamlaryň bir adamyň daşyna üýşüp, onuň üstüne (gün düşmez ýaly) saýa berip duranlaryny görüp: “Bu näme?” diýip sorady. (Adamlar): “Onuň agzy bekli” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Saparda agyz beklemek, birrden (ýagny takwalykdan, çyn ýürekden edilýän tagat-ybadatlardan) däldir” diýdi.