Sähl ibn Sa‘ddan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Tä ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! {Bakara:187} aýaty inende, “Säher wagty” jümlesi inmändi. Käbir adamlar agyz beklejek wagtlary, aýaklaryna ak sapak bilen gara sapak daňyp, tä olary saýgarýançalar iýmegi dowam etdirler. Soňra Allah Tagala: “Minäl-fäjri” {Bakara:187} (Säher wagty) jümlesini inderdi. Sahabalar şondan soň munuň gije we gündizi aňladýandygyny bildiler.