Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Siziň hiç biriňiz bir-iki gün (Remezandan öň) agyz bekläp, Remezany garşy almasyn. Diňe belli günlerde agyz beklemegi adat edinip gelen adam, şol gün orazasyny tutsun!”.
•Ýagny eger bir adam ýylyň beýleki aýlarynda hem duşenbe we penşenbe ýa-da aýyň ortasynda üç gün agyz bekläp gelýän bolsa we şol günler Remezanyň bir-iki gün öňki günlerine gabat gelse, şol günlerde agzyny bekläp biler.