"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah Azza we Jelle şeýle aýtdy:
“Adam oglunyň orazasyndan başga eden her bir amaly özi üçindir. Diňe tutan orazasy Meniň üçindir, onuň sogabyny (sylagyny) hem Meniň Özüm berjekdirin.”
Oraza bir galkandyr. Sizden biriňiziň agzy bekli wagty, erbet, paýyş sözleri aýtmasyn, dawa-jenjel, goh etmesin. Kimdir biri oňa sögse ýa-da dawa edip uruşjak bolsa, goý ol: “Meniň agzym bekli!” diýsin.
Muhammediň jany elinde bolan Allahdan ant içýärin, rozadaryň agzynyň ysy Allahyň huzurynda miskiň (hoşboý) ysyndan has ýakymlydyr. Oraza tutýan adamyň, iki sany şatlykly pursady bardyr. Biri agzyny açanda, begener, beýlekisi bolsa, tutan orazasynyň sogaby bilen Robbuna gowuşanda begener”."