"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah ýolunda jübüt sadaka beren adamy (ýagny iki sany zady sadaka beren adamy), Jennetiň gapylarynyň (her birinden): “Eý, Allahyň guly! Haýyr we bereket bu ýerde bardyr!” diýip çagyrarlar.
Namaz okaýanlar namaz gapysyndan, mujahidler jihäd gapysyndan, agyz bekleýänler bolsa, “Ar-Raýýan” gapysyndan çagyrylar. Sadaka berenleri, sadaka gapysyndan çagyrylarlar”.
Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun): “Enem-atam Saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Bu gapylaryň birinden çagyrylan adamyň beýleki gapylardan çagyrylmagyna zerurlyk ýokdur, ýöne bu gapylaryň hemmesinden (bir wagtda) çagyryljak adam bolarmyka?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa, senem şolardan biri bolarsyň diýip umyt edýärin” diýdi”."