Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Benu Selime taýpasy öz öýlerinden, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidine golaýrak bir ýere göçüp gelmekçi boldular. Ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň çet taraplarynyň boş galmagyny islemedi we olara: “Eý, Benu Selime ogullary! Siz, näme, (mesjide gelmek üçin) äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?” diýdi. Şondan soň olar öňki ýerlerinde galdylar.