Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “(Bir gün geler, şol gün) adamlar Medinäni iň gowy wagtynda goýup giderler. Şondan soň Medinede guşlardan we wagşy haýwanlardan başga hiç kim galmaz. Medinä iň soňky bolup baran adam, Muzeýne taýpasyndan, goýunlaryna gygyryp duran iki sany çopan bolar. Olar Medinäniň ýabany, wagşy haýwanlardan doludygyny görerler. Haçan-da, olar hem “Seniýýatul-Wada‘” depesine baryp ýetenlerinde, ýüzleriniň üstüne ýykylyp (ölerler)”.