1868

1-nji bap

1868

1-nji bap

1868

1-nji bap

"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinä gelip, mesjid gurmagy emr etdi. (Munuň üçin hem Benu Nejjar ogullaryna): “Eý, Benu Nejjar ogullary, maňa bu ýeriň bahasyny aýdyň!” diýdi. Olar hem: “Ýok, biz munuň bahasyny (senden) islemeýäris, biz ony diňe Allahdan isleýäris!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýrugy bilen şol ýerlerden müşrikleriň gabyrlary göçürildi, (büdür-südür nätekiz) haraba ýerler tekizlendi, hurma agaçlary bolsa kesilip, olary diwar hökmünde (guruljak) mesjidiň kybla tarapynda hatara düzülip goýuldy”."

حَدَّثَنَا أَبُو مَعْمَرٍ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَارِثِ، عَنْ أَبِي التَّيَّاحِ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: قَدِمَ النَّبِيُّ ﷺ المَدِينَةَ، وَأَمَرَ بِبِنَاءِ المَسْجِدِ، فَقَالَ: «يَا بَنِي النَّجَّارِ ثَامِنُونِي»، فَقَالُوا: لاَ نَطْلُبُ ثَمَنَهُ، إِلَّا إِلَى اللَّهِ، فَأَمَرَ بِقُبُورِ المُشْرِكِينَ فَنُبِشَتْ، ثُمَّ بِالخِرَبِ فَسُوِّيَتْ وَبِالنَّخْلِ فَقُطِعَ، فَصَفُّوا النَّخْلَ قِبْلَةَ المَسْجِدِ.

Salgylanma:

•Benu En-Nejjar – Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň daýy tarapy