"Habar berilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen on iki sany söweşe gatnaşan, Ebu Sa’yd El-Hudry (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden dört zat eşitdim (ýa-da Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdan (şu dört zady) dykgatymy çekip, meni haýrana galdyrdy we men olary örän haladym” diýdi.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýdan şol dört zady): “Ýanynda adamsy ýa-da nika düşmeýän ýakyn garyndaşy bolmadyk hiç bir zenan maşgala iki günlik ýola sapara çykmasyn; Remezan we Gurban baýram günlerinde agyz beklemek bolýan däldir. Iki namazdan soň namaz okamak bolýan däldir; Ikindi namazyndan soň tä gün ýaşýança we ertir namazyndan soň hem tä gün dogýança. (Ýörite ybadat etmek, namaz okamak üçin) üç mesjitden başga hiç bir ýere sapar edilmez; Mesjidul-Haram, meniň mesjidim we Aksa mesjidi”."