"Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şele diýdi: “(Bir gün) men: “Ýa Resulallah! Biz (zenanlar) hem seniň bilen uruşlara, jihäde gatnaşsak bolmaýarmy?” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Ýok), ýöne (siziň üçin) jihädiň iň gowusy we owadany haj etmekdir, bir kemsiz ýerine ýetirilen, hajj-mebrurdyr” diýdi”.
Aişa: “Men muny Resulullah sallallahu aleýhi wesellemden eşidenimden bäri hajy sypdyrmadym” diýdi."