Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda bir adam bardy. Yhramly halynda düýesi ony ýykyp, boýnuny döwdi we ol öldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony suw we sidr bilen ýuwuň-da, öz eşiginde kepenläň. Ýöne oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň we kellesini hem örtmäň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk!” diýip telbiýe aýdan halynda direler” diýdi.