Ýa‘lä ibn Umeýýeden (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellmiň ýanynda durkam, üstünde sary reňkiň (ýa-da şoňa meňzeş başga bir zadyň yzlary galan) bir dony geýip, onuň ýanyna bir adam geldi. Omar maňa: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň wahy inip duran pursadyny göresiň gelýärmi?” diýerdi. Şol wagt hem wahy indi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (wahy gutaryp) özüne gelenden soň, (ýaňky gelen adama): “Haj eden wagtyň näme edýän bolsaň, umrada-da şonuň ýaly et!” diýdi.