1846

18-nji bap

1846

18-nji bap

1846

18-nji bap

Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Mekge feth edilen ýyly kellesinde tuwulga geýen halynda Mekgä girdi. Haçanda kellesindäki tuwulgany çykaran wagty onuň ýanyna bir adam gelip: “Ibn Hatal Käbäniň örtüginden ýapyşyp dur” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Öldüriň ony!” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ، دَخَلَ عَامَ الفَتْحِ، وَعَلَى رَأْسِهِ المِغْفَرُ، فَلَمَّا نَزَعَهُ جَاءَ رَجُلٌ فَقَالَ: إِنَّ ابْنَ خَطَلٍ مُتَعَلِّقٌ بِأَسْتَارِ الكَعْبَةِ فَقَالَ «اقْتُلُوهُ«.

Salgylanma:

” •Şlem. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ony öldüriň diýmeginiň sebäbi, ol adam musulman bolýar, soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanyna-da Ensarylardan bir adamy goşup, ony zekat toplamak üçin bir ýere ugradýar. Ýolda Ibn Hatal ýanyndaky adamy öldürýär, özi hem murted bolup dinden çykýar. Şeýle hem onuň iki sany aýdymçy gyrnagy bolan, olara Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi masgaralap aýdym aýtdyrar eken.”