1845

18-nji bap

1845

18-nji bap

1845

18-nji bap

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medine halky üçin Zul-Huleýfäni, Nejd halky üçin Karnal-Mänäzili we Ýemen halky üçin bolsa Ýelemlemi mikat edip belledi. Bu ýerler, şol ýerlerde ýaşaýan halk üçin hem-de başga ýurtlarda ýaşap, ýöne haj ýa-da umra ybadatlaryny berjaý etmek maksady bilen şol ýerlerden geçip barýan her bir adam üçin (yhram baglanýan) mikat ýeri höküminde bellenilendir. Kim bu mikatlardan Mekgä golaý ýaşaýan bolsa (ýagny Mekge bilen mikatyň aralygynda ýaşaýan bolsa), onda onuň mikaty haj etmek üçin (niýetine düwüp) başlan ýeri mikatdyr. Mekge şäheriniň ýaşaýjylary, Mekgäniň özünden yhrama girerler”.

حَدَّثَنَا مُسْلِمٌ، حَدَّثَنَا وُهَيْبٌ، حَدَّثَنَا ابْنُ طَاوُسٍ، عَنْ أَبِيهِ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، «أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ وَقَّتَ لِأَهْلِ المَدِينَةِ ذَا الحُلَيْفَةِ، وَلِأَهْلِ نَجْدٍ قَرْنَ المَنَازِلِ، وَلِأَهْلِ اليَمَنِ يَلَمْلَمَ، هُنَّ لَهُنَّ، وَلِكُلِّ آتٍ أَتَى عَلَيْهِنَّ مِنْ غَيْرِهِمْ، مِمَّنْ أَرَادَ الحَجَّ وَالعُمْرَةَ، فَمَنْ كَانَ دُونَ ذَلِكَ، فَمِنْ حَيْثُ أَنْشَأَ، حَتَّى أَهْلُ مَكَّةَ مِنْ مَكَّةَ«.