Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden yhramly adam näme eşik geýip biler?” diýip soraldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem: “Yhrama giren adam köýnek, selle, balak we burnus geýmez. Şeýle hem şafran (zagfaran) we (wars) sary agaç bilen boýalan eşikleri geýmeli däldir. Eger aýakgap tapmasa, mesi geýsin, (ýöne onuň ýokarsydan) topugynyň aşagyna çenli kessin”.vv