1840

14-nji bap

1840

14-nji bap

1840

14-nji bap

"Abdulla ibn Huneýniň habar bermegine görä, Abdulla ibn Abbas bilen Miswar ibn Mahrama, Ebwä diýilýän ýerde (bir mesele boýunça) ylalaşmadylar. Abdulla ibn Abbas yhramly adam kellesini ýuwup biler, diýdi. Miswar yhramly bolsa ýuwup bilmez, diýdi. Soňra Abdulla ibn Abbas meni Ebu Eýýub Ensarynyň ýanyna ugratdy. Ebu Eýýub Ensary bir guýynyň sütünleriniň arasynda mata tutup, suwa düşüp otyrka onuň üstünden bardym. Oňa salam berdim. Ol: “Kim bu?” diýdi. “Men Abdullah ibn Huneýn, diýdim. Meni Abdulla ibn Abbas, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň yhramly wagtynda kellesini nädip ýuwandygyny soramak üçin seniň ýanyňa iberdi” diýdim. Ebu Eýýub öňüne tutan matasynyň üstünde elini goýup, tä onuň kellesi görünýänçä, aşak düşürdi. Soňra bolsa, üstünden suw akydyp berýän adama: “Guý!” diýdi. Ol adam Ebu Eýýubyň kellesinden suw guýdy. Soňra ol ellerini öňe we yza geçirip, kellesini owkalap başlady we: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň kellesini şeýdip ýuwanyny gördüm” diýdi."

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ زَيْدِ بْنِ أَسْلَمَ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ حُنَيْنٍ، عَنْ أَبِيهِ، أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ العَبَّاسِ، وَالمِسْوَرَ بْنَ مَخْرَمَةَ، اخْتَلَفَا بِالأَبْوَاءِ فَقَالَ: عَبْدُ اللَّهِ بْنُ عَبَّاسٍ يَغْسِلُ المُحْرِمُ رَأْسَهُ، وَقَالَ المِسْوَرُ: لاَ يَغْسِلُ المُحْرِمُ رَأْسَهُ، فَأَرْسَلَنِي عَبْدُ اللَّهِ بْنُ العَبَّاسِ إِلَى أَبِي أَيُّوبَ الأَنْصَارِيِّ، فَوَجَدْتُهُ يَغْتَسِلُ بَيْنَ القَرْنَيْنِ، وَهُوَ يُسْتَرُ بِثَوْبٍ، فَسَلَّمْتُ عَلَيْهِ، فَقَالَ: مَنْ هَذَا؟ فَقُلْتُ: أَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ حُنَيْنٍ، أَرْسَلَنِي إِلَيْكَ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ العَبَّاسِ، أَسْأَلُكَ كَيْفَ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يَغْسِلُ رَأْسَهُ وَهُوَ مُحْرِمٌ؟ فَوَضَعَ أَبُو أَيُّوبَ يَدَهُ عَلَى الثَّوْبِ، فَطَأْطَأَهُ حَتَّى بَدَا لِي رَأْسُهُ، ثُمَّ قَالَ: لِإِنْسَانٍ يَصُبُّ عَلَيْهِ: اصْبُبْ، فَصَبَّ عَلَى رَأْسِهِ، ثُمَّ حَرَّكَ رَأْسَهُ بِيَدَيْهِ فَأَقْبَلَ بِهِمَا وَأَدْبَرَ، وَقَالَ: «هَكَذَا رَأَيْتُهُ ﷺ يَفْعَلُ«.