"Sa‘yd ibn Makburiýden rowaýat edilmegine görä, Ebu Şureýh El-‘Adawiý, ‘Amr ibn Sa‘yd Mekgä (Abdulla ibn Zubeýriň garşysyna) goşun ugradýan wagtlary oňa şeýle diýdi: “Eý, Emir! Rugsat berseň, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Mekgäni feth, (ýagny müşriklerden azat) eden gününden bir gün soň aýdan sözlerini aýdyp bereýin!” diýdi. Men ol sözleri gulaklarym bilen eşitdim, ýüregim bilen belläp goýdum. Men ony aýdan wagty öz gözlerim bilen gördüm. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) Allaha hamdu-sena aýdandan soň şeýle diýdi:
“Elbetde, Mekge adamlar tarapyndan däl-de, Allah tarapyndan haram (mukaddes) diýlip yglan edildi. Şonuň üçin Allaha we ahyret gününe iman eden adamyň (şu şäherde) gan dökmegi ýa-da agaçlary kesmegi halal däldir (gadagandyr). Kimdir biri Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu ýerde söweş edendigi sebäpli, rugsat berjek bolsa, oňa: “Allah diňe Öz pygamberine rugsat berdi, size rugsat bermedi!” diýip aýdyň. Maňa-da gündiziň belli bir böleginde rugsat berildi. Soňra onuň şu günki mukaddesligi (haramlygy), edil düýnki mukaddesligi ýaly yzyna gaýdyp geldi. Bu ýerdäki (meniň şu sözlerimi eşidenler bu ýerde) bolmadyklara habar bersin!” diýdi”.
Soňra Ebu Şureýha: “ ‘Amr saňa näme jogap berdi?” diýip soradylar. Ol: “Ebu Şuraýh, muny men senden has gowy bilýärin. Mekge (Haramy) hiç bir günäkäri, ganhory ýa-da ogurlyk edip gaçany goramaz” diýdi."