Salyh ibn Keýsan, Ebu Muhammedden ol hem Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine göra, Ebu Katada şeýle diýipdir: “Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Kaha diýilýän ýerdedik. Biziň içimizde yhram baglanlaram bardy baglamadyklaram. Ýoldaşlarymyň biri-birlerine bir zat görkezýändiklerini gördüm. Men seretdim we ýabany bir gulany gördüm. Ebu Katadanyň gamçysy ýere gaçdy. (Ol gamçysyny alyp bermegi haýyş etdi), ýöne olar: “Biz saňa hiç hili ýardam edip bilmeris, çünki biz yhramly” diýdiler. Men uzanyp, gamçymy aldymda, depäň aňrysyndan ýabany eşege ýakynlaşyp, ony öldürdim. Soňra ony ýoldaşlarymyň ýanyna getirdim. Olaryň käbirleri: “Muny iýiň!” diýdiler. Käbirleri bolsa: “Iýmäň!” diýdiler. Soňra men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzyndan ýetdim. Ol bizden öňde-di. Men ondan bu hakda soranymda: “Iýiberiň, bu et halaldyr” diýdi.