"Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) pitne döwründe, umra etmek üçin Mekgä gitmekçi bolanda şeýle diýdi: “Egerde, maňa Käbäň ýanyna barmaklyga päsgel beräýseler, bizem edil Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederis” diýdi-de, Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň Hudeýbiýýe ýylynda umra etmek üçin yhram baglap telbiýe edişi ýaly, umra etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi.
Soňra Abdulla ibn Omar öz etjek işine pikirlenip: “Haj bilen umranyň ýagdaýy (ýagny düzgüni) bir zatdyr. Men haj bilen umrany bilelikde berjaý etjekdigime sizi şaýat tutýaryn!” diýdi. Soňra ol haj we umra üçin bir gezek towaf etdi we bu ýeterlik diýip hasap etdi, soňra hem gurbanlygynyň damagyny çaldy”."