Az-Zuhri şeýle diýipdir: “Maňa Ebu Idris ‘Aizullah ibn Abdullanyň habar bermegine görä, Bedr söweşine gatnaşan hem-de “Akaba ” gijesiniň ýaşulularynyň biri bolan ‘Ubadata ibn As-Somit (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem töweregindäki bir topar sahabalara “Allaha hiç bir zady şärik etmejekligiňize, ogurlyk etmejekligiňize, zyna etmejekligiňize, çagalaryňyzy öldürmejekligiňize, özüňizden (toslanyp) tapylan bir ýalany aýdyp, (hiç kime) töhmet atmajaklygyňyza hem-de (şerigat taýdan) tassyk edilen bir zady (etmeklik buýrulanda), boýun bolmakdan ýüz öwürmejekligiňize, Maňa beýgat, (ýagny kasam içip äht) ediň!” diýdi. “Içiňizde ähdine wepaly bolanlary Allah sylaglar. Kim bu (günälerden) haýsam bolsa birini edip, (şol sebäpli hem ony) şu dünýäde jezalandyrylsa, bu onuň üçin keffaratdyr . Kimdir biri bu (günälerden) birini etse we Allah ol (günäni) örtse, onuň hakynda karary Allahyň Özi berer: Islese, ony bagyşlar, islese-de jezalandyrar”. (Biz bolsa bular hakda söz berip äht etdik)”.