Ibrahymdan we Eswedden habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Men Ýa Resulalallah! Adamlar haj we umra ybadatlarynyň ikisini hem edip gaýdyp barýarlar, men bolsam diňe birini, haj edip barýan!” diýdim. Oňa (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) tarapyndan: “Entäk garaş, haçanda, päklenen wagtyň Tan‘yma barda, şol ýerden umra hajyny etmek üçin (täzeden yhram baglap) telbiýe et. Soňra (umra edip bolandan soň) pylan ýere biziň ýanymyza gel. Ýöne welin eden umraň sogaby, etjek harajatyňa we kynçylygyňa gärä beriler” diýildi.