1783

5-nji bap

1783

5-nji bap

1783

5-nji bap

"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz (hoşlaşyk hajynda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Zul-Hijje aýyna gabatlap (Medineden haj etmek üçin) ýola düşdük. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize: “Kim haj etmek islese, goý, haj üçin yhram baglap telbiýe etsin. Kim umra hajyny etmek islese, goý, umra üçin yhram baglap telbiýe etsin. Eger-de, ýanym bilen gurbanlyk mallarymy getirmedik bolsadym, men umra etmek üçin yhram baglap telbiýe ederdim” diýdi. Aişa şeýle diýdi: “Biziň içimizde diňe umra etmek üçin yhram baglap telbiýe edenlerem boldy, haj etmek üçin yhram baglap telbiýe edenlerem boldy. Şeýle hem, biziň aramyzda diňe (parz) hajy etmek üçin yhram baglap, telbiýe edenlerem bardy. Men hem umra etmek üçin yhram baglap, telbiýe edenleriň arasyndadym. Haçan-da, Arafa güni ýakynlaşanda, meniň aýbaşym geldi. Soňra men Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme arz etdim. Ol hem maňa: “Umraňy goý-da, saçyňy çözüp, daran we (parz) hajy etmek üçin yhrama girip, telbiýe aýdyp başla!” diýdi. (Men muny Onuň diýşi ýaly etdim.) Haçan-da, “Hasba” gijesi gelende, Ol meni erkek doganym Abdurrahman bilen “Tan‘yma” iberdi. Men hem şol ýerden öňki galan umramyň ýerine umra hajyny etmek üçin (täzeden yhram baglap) telbiýe etdim”."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ سَلاَمٍ، أَخْبَرَنَا أَبُو مُعَاوِيَةَ، حَدَّثَنَا هِشَامٌ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، خَرَجْنَا مَعَ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ مُوَافِينَ لِهِلاَلِ ذِي الحَجَّةِ، فَقَالَ لَنَا: «مَنْ أَحَبَّ مِنْكُمْ أَنْ يُهِلَّ بِالحَجِّ فَلْيُهِلَّ، وَمَنْ أَحَبَّ أَنْ يُهِلَّ بِعُمْرَةٍ، فَلْيُهِلَّ بِعُمْرَةٍ، فَلَوْلاَ أَنِّي أَهْدَيْتُ لَأَهْلَلْتُ بِعُمْرَةٍ». قَالَتْ: فَمِنَّا مَنْ أَهَلَّ بِعُمْرَةٍ، وَمِنَّا مَنْ أَهَلَّ بِحَجٍّ، وَكُنْتُ مِمَّنْ أَهَلَّ بِعُمْرَةٍ، فَأَظَلَّنِي يَوْمُ عَرَفَةَ وَأَنَا حَائِضٌ، فَشَكَوْتُ إِلَى النَّبِيِّ ﷺ، فَقَالَ: «ارْفُضِي عُمْرَتَكِ، وَانْقُضِي رَأْسَكِ، وَامْتَشِطِي، وَأَهِلِّي بِالحَجِّ»، فَلَمَّا كَانَ لَيْلَةُ الحَصْبَةِ أَرْسَلَ مَعِي عَبْدَ الرَّحْمَنِ إِلَى التَّنْعِيمِ، فَأَهْلَلْتُ بِعُمْرَةٍ مَكَانَ عُمْرَتِي.