"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz (hoşlaşyk hajynda) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bilen diňe haj etmek niýeti bilen (Medineden Mekgä tarap) ýola düşdük. Mekgä gelenimizde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize yhramdan çykmaklygy emr etdi.
Haçanda, (Mekgeden) çykyp gitmeli gije (nefr gijesi) gelende, Safiýýanyň aýbaşysy geldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wah köki guramyş! Ol sizi ýoluňyzdan saklaýmasa!” diýdi. Soňra oňa: “Sen gurbanlyk güni towaf edipdiňmi?” diýdi. Ol: “Hawa” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Onda zyýany ýok), gidiber!” diýdi.
Aişa: “Men: “Ýa Resulallah! (Men Mekgä gelenimde) yhramdan çykmadym” (ýagny, umra hajyny etmedim) diýdi”. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Tan‘yma barda, şol ýerden umra et!” diýdi. Onuň ýany bilen (dogany Abdurrahman) gitdi. Biz (umrany edip yzymyza gaýdyp gelýärkäk), gijäniň ahyrynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme duşdyk. Ol şonda: “Pylan, pylan ýerde duşarys” diýdi."