Nafi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun, Mekgä giden wagty), Zu Tuwa diýilýän ýerde düşläp, agşamyna şol ýerde ýatardy. Daň atan soň bolsa Mekgä girerdi. Mekgeden gaýdyşyn hem Zu Tuwa gelip, gije ertire çenli şol ýerde galardy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem şeýle ederdi diýip, aýdardy”.