‘Ykrimeden rowaýat edilmegine görä, Medinäniň ýaşaýjylary Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun, Ifada) towafyny edenden soň aýbaşysy gelen aýal hakynda soradylar. Ibn Abbas olara: “Ol (Mekgeden) çykyp (öýüne) gadyp biler” diýdi. Soňra olar: “Biz Zeýdiň sözlerini goýup, seniň sözleriňi kabul etmeris” diýdiler. Ibn Abbas: “Medinä baranyňyzda, bu barada sorap göräýiň! diýdi. Olar Medinä gelenlerinde, bu mesele barada soradylar. Soran adamlaryndan biri hem Ummu Süleýmdi, ol hem Safiýýa hakyndaky hadys aýdyp berdi.