"Zuhrydan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Minadaky mesjide iň ýakyn bolan jemerä daş atan wagty, oňa ýedi sany ownuk daş atardy. Her daşy atanda “Allahu Akbär!” diýip tekbir ederdi. Soňra öňe gidip, kybla tarap öwrülip, ellerini ýokary galdyryp uzak wagtlap doga edip durardy.
Soňra ikinji jemerä baryp, ýedi sany daş atardy, her daşy atanda “Allahu Akbär!” diýip tekbir ederdi. Soňra jülgäniň çep tarapyna inip, kybla tarap öwrülip, ellerini asmana galdyryp doga ederdi.
Soňra Akabaň ýanyndaky jemeräň ýanyna gelip, ýedi sany daş atardy, her daşy atanda-da “Allahu Akbär!” diýip tekbir ederdi. Soňra onuň ýanynda durman giderdi."