"Salim ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) elmydama (ilki bilen) “Jemeratud-Dunýä” ýedi daş atardy, soňra her daşy atandan soň “Allahu Akbär!” diýip tekbir ederdi. Soňra öňräk ýöräp, tekiz bir ýerde kybla tarap öwrülip, uzak wagtlap dik durardy we iki elini ýokary galdyryp doga ederdi. Soňra Jemeratul-Wusto (ortanjy jemerä) edil şonuň ýaly edip daş atardy. Soňra çepe ýöräp, tekiz bir ýere çykardy, kyblanyň garşysynda uzak wagtlap dik durup, Allaha doga edip, ellerini asmana götererdi.
Soňra Akaba jemeresiniň ýanyna gelip, jülgäniň içinden oňa daş atardy. Ýöne onuň ýanynda (doga üçin) durmazdy we “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hem edil şeýle edendigini görüpdim” diýerdi."