A‘maş bize şeýle gürrüň berdi: “Men Hajjaj ibn Ýusufyň münberiň üstünde: “(Bakara süresi, Äli-Ymran süresi we Nisa süresi diýmän, onuň ýerine), içinde Bakara agzalan süre, içinde Äli-Ymran agzalan süre we içinde Nisa agzalan süre” diýenini eşitdim we muny Ibrahym (En-Nahaga) aýdyp berdim. Ol şonda şeýle diýdi: “Maňa Abdurrahman ibn Ýezid şeýle gürrüň berdi. Ol, Abdulla ibn Mes‘ud (Allah ondan razy bolsun) Jemeratul-Akaba daş atanda, onuň bilen bile bolupdyr. Ol jülgäniň ortasyna baryp, şol ýerdäki agajyň öňünde durup, her daşy atanda “Allahu Akbär!” diýip, ýedi sany ownuk daş atypdyr. Soňra bolsa: “Özünden başga hiç bir hudaý bolmadyk Allaha kasam bolsun! Bakara süresi inderilen adam hem, ynha, şu ýerde durup daş atypdy, Sallallahu aleýhi wesellem” diýipdir”.