1724

126-nji bap

1724

126-nji bap

1724

126-nji bap

"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (Ýemenden) yzyma gaýdyp gelenimde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (eýýäm, Mekgäniň golaýyndaky) Bathada wagty ýanyna gelip ýetişdim. Ol maňa: “Haja niýet etdiňmi?” diýdi. Men: “Howa” diýdim. Ol menden: “Sen haýsy niýet bilen yhrama girdiň?” diýip sorady. Men hem: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýet edip yhrama girişi ýaly, yhrama girdim” diýip, “Lebbeýk!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Gowy edipsiň! Indi, git-de, Käbäniň daşyndan towaf et we Safa-Merwäniň arasynda sa‘y et!” diýdi. Soňra Benu Kaýs taýpasynyň zenanlaryndan bolan bir zenan maşgalanyň ýanyna bardym, ol meniň saçymyň bitlerini çöpläp (arassalap) berdi. Soňra men (temmetu‘) hajyny etmek niýeti bilen yhrama girip telbiýe etdim. Şondan soň men tä, Omaryň (Allah ondan razy bolsun) halyf bolan döwürine çenli, adamlara (temettu‘) hajyny etmek barada petwa berip geldim. Soňra muny Omara aýdyp berdim. Ol: “Eger-de biz Allahyň kitabyndan alyp (amal etsek), onda Ol bize (haj bilen umrany niýet edip yhrama giren bolsak, yhramdan çykman ony doly) tamamlamagymyzy emr edýär. Eger-de Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň sünnetine eýersek, onda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gurbanlyk mallarynyň damagyny çalýança yhramdan çykmady” diýdi."

حَدَّثَنَا عَبْدَانُ قَالَ: أَخْبَرَنِي أَبِي، عَنْ شُعْبَةَ، عَنْ قَيْسِ بْنِ مُسْلِمٍ، عَنْ طَارِقِ بْنِ شِهَابٍ، عَنْ أَبِي مُوسَى رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: قَدِمْتُ عَلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ وَهُوَ بِالْبَطْحَاءِ، فَقَالَ: «أَحَجَجْتَ؟»، قُلْتُ: نَعَمْ، قَالَ: «بِمَا أَهْلَلْتَ؟»، قُلْتُ: لَبَّيْكَ بِإِهْلاَلٍ كَإِهْلاَلِ النَّبِيِّ ﷺ ، قَالَ: «أَحْسَنْتَ، انْطَلِقْ، فَطُفْ بِالْبَيْتِ، وَبِالصَّفَا وَالمَرْوَةِ»، ثُمَّ أَتَيْتُ امْرَأَةً مِنْ نِسَاءِ بَنِي قَيْسٍ، فَفَلَتْ رَأْسِي، ثُمَّ أَهْلَلْتُ بِالحَجِّ، فَكُنْتُ أُفْتِي بِهِ النَّاسَ، حَتَّى خِلاَفَةِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ فَذَكَرْتُهُ لَهُ، فَقَالَ: إِنْ نَأْخُذْ بِكِتَابِ اللَّهِ، فَإِنَّهُ يَأْمُرُنَا بِالتَّمَامِ، وَإِنْ نَأْخُذْ بِسُنَّةِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ فَإِنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ لَمْ يَحِلَّ حَتَّى بَلَغَ الهَدْيُ مَحِلَّهُ.

Salgylanma:

•Ol aýal nika düşmeýän mähremlerinden biridi.