"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsyn) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Hajjatul-Wada’da” umrany haja goşmak niýeti bilen temettu‘ hajyny etdi we gurbanlygyny ýany bilen Zul-Huleýfeden alyp gaýtdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ilki bilen umra hajy etmek üçin yhram baglap telbiýe etdi. Soňra (parz) hajy üçin yhram baglap telbiýe etdi.
Beýleki adamlar hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly haja çenli umra bilen temettu‘ etdiler. Adamlar içinde ýany bilen gurbanlyk çaljak malyny getirenlerem, getirmediklerem boldy.
Mekgä gelenlerinde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlara şeýle diýdi: “Kimiň ýanynda gurbanlyk maly bar bolsa, tä, hajyny tamamlaýança yhramdaky adama gadagan edilen zatlaryň hiç birini etmeli däldir. Kimiň ýanynda gurbanlyk maly ýok bolsa, Käbäň daşyndan towaf edip, Safa-Merwe aralygynda-da sa‘y edenden soňra, saçyndan aldyryp, yhramdan çyksyn. Soňra (Terwiýe güni) hajy berjaý etmek üçin ýene-de yhrama girip telbiýe etsin. Eger-de kim gurbanlyk edip bilmese, onda haj döwürinde üç günläp, öýine gaýdyp barandan soň bolsa, ýedi günläp agzyny beklesin!”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbä gelende ilki bilen Hajerul-Eswedi istilam edip, towaf edip başlady. Ilkinji üç towafy gaty-gaty ýöräp geçdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçdi. Towaf edip bolandan soň Makamy (Ibrahymyň) ýanynda iki rekagat namaz okady. Soňra salam berip namazdan çykdy we Safa (dagyna) bardy. Safa-Merwe aralygynda ýedi gezek sa‘y etdi. Soňra hajyny doly tamamlaýança, gadagan (haram) edilen zatlaryň hiç biri oňa halal bolmady. Gurbanlyk beren we gurbanlygyny öz ýany bilen getiren her bir adam hem edil Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly etdi”."