1672

96-nji bap

1672

96-nji bap

1672

96-nji bap

"Usamete ibn Zeýdden (Allah olardan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Arafatdan gaýdyşyn jülgä ýetip düýesinden düşdi we buşugyp, ýeňilräk täret aldy. Men: “Namazmy?” diýip soradym. Ol: “Namaz (entek) öňüňde” diýdi. Soňra Muzdelifä geldi we bu gezek gowy edip täret aldy. Soňra namaza kamat aýdyldy, agşam namazyny okady. Soňra her kim duran ýerinde öz düýesini çökerdip düşlänlerinden soňra, ýassy namazyna kamat aýdyldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup ýassy namazyny okady we şol iki namazyň aralygynda (ýagny agşam bilen ýassy namazynyň arasynda başga) hiç hili namaz okamady”."

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ مُوسَى بْنِ عُقْبَةَ، عَنْ كُرَيْبٍ، عَنْ أُسَامَةَ بْنِ زَيْدٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا، أَنَّهُ سَمِعَهُ يَقُولُ: دَفَعَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ مِنْ عَرَفَةَ، فَنَزَلَ الشِّعْبَ، فَبَالَ ثُمَّ تَوَضَّأَ وَلَمْ يُسْبِغِ الوُضُوءَ، فَقُلْتُ لَهُ: الصَّلاَةُ؟، فَقَالَ: «الصَّلاَةُ أَمَامَكَ»، فَجَاءَ المُزْدَلِفَةَ، فَتَوَضَّأَ فَأَسْبَغَ، ثُمَّ أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ، فَصَلَّى المَغْرِبَ، ثُمَّ أَنَاخَ كُلُّ إِنْسَانٍ بَعِيرَهُ فِي مَنْزِلِهِ، ثُمَّ أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ، فَصَلَّى وَلَمْ يُصَلِّ بَيْنَهُمَا.