1651

81-nji bap

1651

81-nji bap

1651

81-nji bap

"Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem we onuň sahabalary haj etmek üçin yhram bagladylar. Olaryň içinde Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Talhadan galanlarynyň ýanynda gurbanlyk mallary ýokdy. Aly Ýemenden geldi we onuň ýanynda gurbanlyk maly bardy. Ol: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň niýetleýişi ýaly, niýet edip yhrama girdim” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanlarynda gurbanlyk mallaryny getirmedik sahabalaryndan galanlaryna, hajlaryny umra haja öwürmeklerini, towaf edip, soňra saçlaryny gysgaldyp, yhramdan çykmaklaryny emr etdi. (Şondan soň sahabalar): “Biz öz aýallarymyzyň düşeklerini taşlap ýaňy olaryň ýanyndan aýrylan halymyzda, nädip Minä tarap gidip bileris?!” diýdiler. Haçanda bu gürrüň Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme baryp ýetende, Ol: “Eger-de men yzyma gaýdyp, muny täzeden başlap bilsedim, men öz ýanym bilen gurbanlyk mallarymy getirmezdim we meniň ýanymda gurbanlyk mallarym bolmadyk bolsady, men hem siziň ýaly yhramdan çykardym” diýdi. Aişaň (Allah ondan razy bolsun) aýbaşysy geldi, ol Käbäň daşyndan towaf etmekden başga hajyň ähli dessurlaryny ýerine ýetirdi. Päklenenden soň bolsa Käbäň daşyndan towaf etdi. Aişa: “Ýa Resulallah! Siziň hemmäňiz yzyňyza haj we umra edip gaýdyp barýarsyňyz, men bolsam diňe bir haj bilen gaýdyp barýan” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “(Aişaň dogany) Abdurrahman ibn Ebu Bekre onuň bilen Tan‘yma gitmekligi emr etdi we Aişa (şol ýerden başlap) hajdan soň umra etdi”."

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ المُثَنَّى، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ، قَالَ: ح وَقَالَ لِي خَلِيفَةُ، حَدَّثَنَا عَبْدُ الوَهَّابِ، حَدَّثَنَا حَبِيبٌ المُعَلِّمُ، عَنْ عَطَاءٍ، عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: أَهَلَّ النَّبِيُّ ﷺ هُوَ وَأَصْحَابُهُ بِالحَجِّ، وَلَيْسَ مَعَ أَحَدٍ مِنْهُمْ هَدْيٌ غَيْرَ النَّبِيِّ ﷺ وَطَلْحَةَ، وَقَدِمَ عَلِيٌّ مِنَ اليَمَنِ وَمَعَهُ هَدْيٌ، فَقَالَ: أَهْلَلْتُ بِمَا أَهَلَّ بِهِ النَّبِيُّ ﷺ، فَأَمَرَ النَّبِيُّ ﷺ أَصْحَابَهُ أَنْ يَجْعَلُوهَا عُمْرَةً، وَيَطُوفُوا ثُمَّ يُقَصِّرُوا وَيَحِلُّوا إِلَّا مَنْ كَانَ مَعَهُ الهَدْيُ، فَقَالُوا: نَنْطَلِقُ إِلَى مِنًى وَذَكَرُ أَحَدِنَا يَقْطُرُ، فَبَلَغَ النَّبِيَّ ﷺ فَقَالَ: «لَوِ اسْتَقْبَلْتُ مِنْ أَمْرِي مَا اسْتَدْبَرْتُ مَا أَهْدَيْتُ، وَلَوْلاَ أَنَّ مَعِي الهَدْيَ لَأَحْلَلْتُ»، وَحَاضَتْ عَائِشَةُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا فَنَسَكَتْ المَنَاسِكَ كُلَّهَا، غَيْرَ أَنَّهَا لَمْ تَطُفْ بِالْبَيْتِ، فَلَمَّا طَهُرَتْ طَافَتْ بِالْبَيْتِ، قَالَتْ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، تَنْطَلِقُونَ بِحَجَّةٍ وَعُمْرَةٍ وَأَنْطَلِقُ بِحَجٍّ؟ فَأَمَرَ عَبْدَ الرَّحْمَنِ بْنَ أَبِي بَكْرٍ أَنْ يَخْرُجَ مَعَهَا إِلَى التَّنْعِيمِ، فَاعْتَمَرَتْ بَعْدَ الحَجِّ.

Salgylanma:

” •Ýagny, olar: “Egerde, biz yhramdan çyksak aýallarymyz bize halal bolýar, soňrada biz olara ýakynlanymyzdan soň kän wagt geçmänkä, haj üçin täzeden yhram baglap gitmeli bolýarysmy, biz haj üçin şähwetimizi, lezzetimizi taşlap gelmedikmi näme?” diýip muny geň görüp şeýle diýdiler. • Ýagny “Haj aýlarynda umra etmek jaýyzdygyny bilen bolsadym” diýmek isledi.”