Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Mekgä gelenimde haýyzly ýagdaýdadym. (Şonuň üçin hem) Käbäň daşyndan towaf edip bilmedim, Safa-Merwäniň arasynda sa‘y hem edip bilmedim. Men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme arz etdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Hajylar näme etse, senem şony ediber, ýöne welin tä, arassalanýançaň Käbäň daşyndan towaf etme!” diýdi.