Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbä gelip ilki towaf edip başlanda, üç towafy gaty-gaty ýöräp geçerdi, galan dördüsini bolsa, adaty ýörişi ýaly ýöräp geçerdi. Safa-Merwe aralygynda sa‘y edende bolsa, jülgäň ortarasyna sil geçýän ýere ýetende bolsa ylgardy. Men Näfi‘dan: “Abdulla ibn Omar (Käbäniň) Ýemen tarapyndaky burçuna ýetende ýörärdimi?” diýip soradym. Ol: “Ýok, diňe şol burçyň ýanynda adamlar köpelip, dyknyşyk bolanda ýörärdi. Çünki, Abdulla ibn Omar şol rukune (burça) elini degirmän geçmezdi” diýdi.