"‘Urwetu-bnuz-Zubeýr şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem şeýle haj etdi, muny maňa Aişa (Allah ondan razy bolsun) habar beripdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem Mekgä gelende ilki bilen täret alyp, soňra Käbä towaf etdi. Ýöne bu umra boldygy däldi. (Çünki, ol muny edip yhramdan çykmady). Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselemden soň Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsyn) haj etdi, onuň hem ilkinji işi Käbä towaf etmek boldy. Ýöne onuň edeni hem umra däldi. Ebu Bekrden soň, Omar hem (Allah ondan razy bolsun) edil şonuň ýaly etdi. Soňra Osman (Allah ondan razy bolsun) haj etdi. Onuň hem ilki bilen Käbä towaf edip başlanyny gördüm. Onuň hem edeni umra däldi. Soňra Mu‘awiýe we Abdulla ibn Omar haj etdiler.
Soňa men (kakam) Zubeýr ibn ‘Awwam bilen haj etdim. Onuň hem ilkinji eden işi, Käbä towaf etmek boldy. Soňra ol hem umra bolmady. Soňra men Muhajirleri we Ensarylary gördüm, olaryň hemmesi hem şonuň ýaly etdiler. Olaryň hem bu eden zatlary umra bolmady. Soňra meniň gören adamlarymyň içinde, iň soňky muny eden adam Ibn Omardy. Soňra ol hem hajyny pozup umra öwürmedi.
Ine, Ibn Omar, näme üçin ondan soramaýarlar. Geçen (selefleriň) hemmesi hem aýaklaryny ilkinji Käbä basan batlaryna, ilki bilen Käbä towaf etmekden başga hiç bir zat etmezdiler. Towafdan soň hem yhramdan çykmazdylar.
Men ejem Äsmä bilen daýzam Aişani hem Mekgä gelenlerinde, Käbä towaf etmezden ozal başga hiç zada başlamadyklaryny görüpdim. Towaf edenlerinden soň hem yhramdan çykmazdylar. "