1640

77-nji bap

1640

77-nji bap

1640

77-nji bap

"Näfi‘dan rowaýat edilmegine görä, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) Hajjaj, Ibn Zubeýre hüjüm eden ýylynda haj etmek isledi. Ibn Omara: “Adamlaryň arasynda bir uruş bar, olar saňa haj etmekden böwet bolarlar öýdüp gorkýarys” diýdiler. Ibn Omar: “Allahyň pygamberinde siziň üçin gözel görelde bardyr” diýdi. “Menem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň edişi ýaly ederin. Men umra hajyny etmek üçin sizi şaýat tutýaryn” diýdi. Soňra ýola düşdi. Haçanda, Beýda diýilýän ýere baryp ýetende: “Haj bilen umranyň ýagdaýy bir zatdyr. Men haj bilen umrany bilelikde berjaý etjekdigime sizi şaýat tutýaryn” diýdi we ol Kudeýid diýilýän ýerden satyn alan malyny gurbanlyk höküminde alyp gitdi we ondan artdyrmady. Gurbanlyk güni gelýänçä, malyny öldürmedi, yhramdan çykmady, saçynam gysgaltmady, syrdyrmadam. Gurbanlyk güni gelende gurbanlygyny öldürdi we saçyny syrdyrdy. Ibn Omar ilkinji towafy bilen (Ifada towafyny) edenden soň, hajyň we umraň towafy tamam boldy diýip, hasap etdi. Ol: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem edil şeýle etdi” diýdi."

حَدَّثَنَا قُتَيْبَةُ، حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، عَنْ نَافِعٍ، أَنَّ ابْنَ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا أَرَادَ الحَجَّ عَامَ نَزَلَ الحَجَّاجُ بِابْنِ الزُّبَيْرِ، فَقِيلَ لَهُ: إِنَّ النَّاسَ كَائِنٌ بَيْنَهُمْ قِتَالٌ، وَإِنَّا نَخَافُ أَنْ يَصُدُّوكَ، فَقَالَ: ﴿لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ إِسْوَةٌ حَسَنَةٌ﴾ إِذًا أَصْنَعَ كَمَا صَنَعَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، إِنِّي أُشْهِدُكُمْ أَنِّي قَدْ أَوْجَبْتُ عُمْرَةً، ثُمَّ خَرَجَ، حَتَّى إِذَا كَانَ بِظَاهِرِ البَيْدَاءِ، قَالَ: مَا شَأْنُ الحَجِّ وَالعُمْرَةِ إِلَّا وَاحِدٌ، أُشْهِدُكُمْ أَنِّي قَدْ أَوْجَبْتُ حَجًّا مَعَ عُمْرَتِي، وَأَهْدَى هَدْيًا اشْتَرَاهُ بِقُدَيْدٍ، وَلَمْ يَزِدْ عَلَى ذَلِكَ، فَلَمْ يَنْحَرْ، وَلَمْ يَحِلَّ مِنْ شَيْءٍ حَرُمَ مِنْهُ، وَلَمْ يَحْلِقْ وَلَمْ يُقَصِّرْ، حَتَّى كَانَ يَوْمُ النَّحْرِ، فَنَحَرَ وَحَلَقَ، وَرَأَى أَنْ قَدْ قَضَى طَوَافَ الحَجِّ وَالعُمْرَةِ بِطَوَافِهِ الأَوَّلِ. وَقَالَ ابْنُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا: كَذَلِكَ فَعَلَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ.

Salgylanma:

” • Mekge bilen Medinäniň aralygynda bir ýeriň ady. • Mekge bilen Medinäniň aralygynda bir ýeriň ady.”